Hudaýyň ady bilen. **
Eýran Yslam Respublikasynyň radio we telewideniýede daşary ýurtlar boýunça orunbasary Batyr palestinaly journalist Şirin Abu Akylanyň şehit bolandygy baradaky habardan soň, dünýäniň aňynda sionist režiminiň jenaýatlary barada dogruçyl we aýdyň maglumatlary beren we basyp alyjy sionist režimiň kabul ederliksiz hereketlerine biperwaý garamaýan erkin jurnalistlere duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirýär we Sionist goşunynyň basyp alnan ýerlerde ezilen palestinaly halka etýän zatlaryndan maglumat berýän jurnalistleri fiziki taýdan aýyrmak boýunça alyp barýan giňişleýin hereketlerini ýazgarýar.
Bu jenaýatlar diňe bir jurnalistleri däl, eýsem halkara şertnamalaryna we kadalaryna laýyklykda harby çozuşdan elmydama goranýan lukmanlary, şepagat uýalary we beýleki güýçleri hem nyşana alandyr, we häzirki wagtda, Şirin Abu Akyla-ny öz işini ýerine ýetirýärkä şehit etdi . Şübhesiz, Sionist režiminiň adam hukuklaryna, adamzada we erkinlige garşy etýän jenaýatlary, adamzadyň taryhy ýadynda galar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler bölüm Radio we telewideniýesi, sionist režiniň tarapyndan şehit bolan we ýaralanan jurnalistlere we olaryň maşgalalryna gynanjyny bildirýär. Şehit bolanlaryň we bu ýoly synanlaryň ýatlary hemişe bu orunbasaryň kärdeşleriniň ýüreklerinde galjakdyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler bölüm Radio we telewideniýesi
2022-nji ýylyň 11-nji maýy