Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Siriýa garşy harby hüjüm sebitdäki ýurtlaryň zyýanyna we terrorçylaryň peýdasyna bolar

türkmen radıosy 2 views
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Siriýanyň territorial bitewiligini saklamaga ünsi çekip şeýle diýdiler: Siriýanyň demirgazygyndaky islendik harby hüjüm hökman Türkiýä, Siriýa we tutuş sebite zyýan ýetirer we terrorçylara peýdaly bolar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý Hezretleri, şu gün (sişenbe) Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we onuň wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, esasanam söwda hyzmatdaşlygynyň ýokarlanmagyny nygtamak bilen, Sionist režimi yslam ýurtlarynyň arasyndaky düşünişmezligiň esasy sebäpleriniň biri hökmünde görkezmek bilen Amerika we basyp alyjy režim palestinalylaryň çuňňur hereketini duruzyp bilmezler diýdiler.

Hezretleri şeýle-de yslam ymmatynyň mertebesini we beýikligini agzalalyklary ýeňip geçmäge we bölüji syýasatlara garşy hüşgärlige bagly diýip hasaplamak bilen şeýle diýdiler: Sebitdäki düşünişmezligiň we duşmançylygyň sebäplerinden biri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapynda goldanýan sionist režimidir.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Palestini Yslam dünýäsiniň ilkinji meselesi hasaplamak bilen Sionist režime käbir hökümetleriň goldaw bermegine garamazdan, halklar bu basyp alyjy  režime düýbünden garşy çykýarlar diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de Amerika we sionist režime bil baglamaly däldigini belläp, häzirki wagtda ne sionist režim, ne Amerika, ne-de beýlekiler palestinalylaryň çuňňur hereketini duruzyp bilmezler we ahyrky netijesi palestina halkynyň peýdasyna bolar diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Türkiýäniň prezidentiniň Eýranyň terrorçy toparlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy baradaky haýyşynyň jogabynda Eýran Yslam Respublikasy, elbetde, terrorçylyga garşy göreşde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk eder diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri, Türkiýäniň we serhetleriniň howpsuzlygynyň Eýranyň howpsuzlygydygyny aýtmak bilen Türkiýe hem Siriýanyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygy hökmünde görmelidir diýdiler.

Hezretleri şeýle hem, Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady alyş-çalyşlaryň we hyzmatdaşlygyň göwrümini we hilini bar bolan mümkinçiliklerden has pes diýip atlandyrp bu meseläniň iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky gepleşiklerde çözülmelidigini aýtdylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, sebitdäki ähli meselelerde Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmagyň peýdaly we zerurdygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy, türk hökümetini içerki meselelerde we daşary ýurtlaryň gatyşmalarynda elmydama goldap gelýändir diýdi.

Add Comments