Amir Abdollahian: Eýrana we eýranlylara garşy zor ediji dili ulanmak netije bermez

türkmen radıosy 7 views
Eýranyň daşary işler ministri öz twitinde Eýrana we eýranlylara garşy howp dilini ulanmagyň netije bermejekdigini Ak tamya ýatlatdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Huseýin Amirabdollahian şenbe güni bu twitinde Ak tam resmilerine ýüzlenip Eýrana we eýranlylara garşy zor ediji dilleri ulanmakdan hiç hili netije almajakdygyny ýatlatdy.

Şeýle hem ol sözüniň dowamynda Eýranda we sebitde müňlerçe adamyň terror edilmeginde Ak Tamyň resmileriniň jogapkärdiklerini belläp ýalan toslamalar bilen Ak tamyň orundarlarynyň bu jogapkärçilikleriniň aýyrlmajakdygyny nygtady.

Amir Abdollahian türk kärdeşi Mewlut Çawuşoglu bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde sanksiýalary ýatyrmak üçin Wenada geçirilen soňky gepleşiklere yşarat edip: Habarymyzy Amerikalylara Ýewropalylaryň üsti bilen ýetirdik diýdi. Amerikan tarapy, real we pragmatiki garaýyş we Eýran Yslam Respublikasynyň kanuny talaplaryny kabul etmek bilen, soňky tekstde ylalaşyk üçin esas döreder diýip umyt edýäris.

Bäş aý töweregi arakesmeden soň Eýrana garşy bikanun sanksiýalary ýatyrmak baradaky täze gepleşik tapgyry geçen penşenbe güni Awstriýanyň paýtagtynda başlandy. Gepleşikler bir ýagdaýda aýgytly tapgyra ýetip barýandyr welin gutarnykly şertnama ýadro ylalaşygy bozandygy sebäpli Günbataryň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy kararlaryna garaşýar.

Add Comments