Tähran-Pekin Strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge üns berýärler

türkmen radıosy 4 views
Bir sagat dowam eden telefon söhbetdeşliginde Eýranyň we Hytaýyň prezidentleri halkara we sebitdäki möhüm wakalary ara alyp maslahatlaşdylar we mümkin boldugyça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ünsi çekdiler.

IRNA-nyň habaryna görä Aýatolla doktor Seýid Ebrahim Raisi anna güni agşam Hytaýyň prezidenti Şi Jin Ping bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmagyny bu ýurduň bir taraplaýyn weýran ediji syýasatynyň dowamy hasapladdy we ony durmuşky ýagdaýda bütin dünýä parahatçylygyna garşy howpa dönenligini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, milli özygtyýarlylyga hormat goýmak we ýurtlaryň territorial bitewiligini goramak Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde garady we bu çäkde bitewi Hytaý syýasatynyň goldawyny  Eýran Yslam Respublikasynyň kesgitli we prinsipial syýasaty höküminde yglan etdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Şi Jin Ping, hem Eýran bilen Hytaýyň halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyna we iki ýurduň baştutanlarynyň arasyndaky ikinji gepleşikde sebit we halkara derejesindäki birek-biregiň pozisiýalaryna goldaw bermegine ýokary baha berdi.

Şi Jin Ping, sebitdäki durnuklylygy we Eýran Yslam Respublikasynyň bu meselede döredijilikli roluny saklamagyň möhümdigini belläp, Hytaýyň basyş we birtaraplaýyn syýasata garşydygyny aýtdy.

Add Comments